Monako – 2025-nji ýylda dünýäniň Sport paýtagty
21.01.2025 | 11:45 |2025-nji ýylda Dünýäniň sport paýtagty diýen hormatly adyň eýesi Monako boldy. Brýusseldäki Ýewropa Parlamentinde geçirilen dabarada Monakonyň Belgiýadaky ilçisi Frederik Labarre Ýewropanyň sport paýtagtlary we şäherleri assosasiýanyň (ACES) baýdagy gowşuryldy.
Monakonyň dünýäniň sport paýtagty hökmünde ykrar edilmegi, sporty diňe bir ýokary netijeleri gazanmak üçin gural hökmünde däl-de, eýsem parahatçylygy, durnukly ösüşi we durmuş sazlaşygy berkitmegiň güýçli serişdesi hökmünde görýän Şazada Albert II-iň sporta ýadawsyz goldawy netijesinde mümkin boldy. Onuň çemeleşmesi, inklýuziwligi üçin aýratyn gymmatly hasaplanýar: Monakoda sport meýdançalary we zallar, professional türgenler, ýaşlar ýa-da mümkinçili çäkli adamlar bolsun tapawudy ýok hemmeler üçin elýeterlidir. Knýazlykda, çagalykdan sporta bolan söýgini terbiýelemäge uly üns berilýär we bedenterbiýe dersi orta mekdeleriniň okuw maksatnamalaryna girizilendir.
Sporta we bedenterbiýa bolan şular ýaly gatnaşyk, Türkmenistanada hem mahsusdyr ýagny ösüp gelýän ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Ýurtda geçirilýän ähli uly göwrümli halkara sport ýaryşlary parahatçylyk, halklaryň arasyndaky dostluk we ählumumy abadançylyga ýetmek üçin jebislik ruhy bilen gurşalandyr. Ýurduň ýolbaşçylygy sporty işjeň goldaýar we özleri ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegi hökmünde sporta bolan garaýşyň mysalyny görkezýär. Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ähli möhüm sport täzeliklerini giňişleýin beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, Bobsleýde bäş Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan Monakonyň şazadasy Albert II-iň durmuşyna we sport karýerasyna bagyşlanyp “Türkmenistan Sport” atly halkara žurnalynda ýaşlar üçin “Şazada – bobsleýdäki olimpiýaçy” atly makalanyň çap edendigini bellemek bolar.
Monako, 1950-nji ýylda döredilen we resmi taýdan başlanan Formula-1 – aýlawly awtoýaryşy boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän ýeri hökmünde dünýä belli. Şeýle-de bolsa Knýazlygyň köçelerinde ilkinji ýaryş 1929-njy ýylda bolup geçdi. Monakodaky Formula-1 Gran-prisi çempionatyň iň meşhur we abraýly ýaryşydyr. Uly göwrümli baýrakly gaznasy bilen bu ýaryşlara gatnaşanlaryň her biri bu kyn ýoly geçip ýeňmegi arzuw edýär. Monako Gran-prisindäki ýeňiş Formula-1 dünýä çempionatynda we umuman dünýä awtoulag ýaryşlarynda iň abraýly hasaplanýar. 2025-nji ýyldaky Monako Gran-prisi 23-25-nji maý aralygynda geçiriler we Formula-1 ýaryşyň resmi taýdan ilkinji gezek geçirilmeginiň 75 ýyllygy belleniler.
Gran-priniň geçirilýän günlerinde kiçijik Monako Knýazlygy gaty köp adamly bolýar. Dünýäniň dürli künjeklerinden meşhurlar we awtoulag janköýerleri bu ýere gelýärler. Tutuş üç günüň dowamynda çekeleşikli bäsleşikden soň, bäsleşigiň myhmanlaryň we muşdaklaryň şeýle hem türgenleriň gatnaşmagynda ýylyň iň abraýly şüweliňi geçirilýär.
ORIENT