Iň täze habarlar

Lenovo çekip çykarylýan ekranly ilkinji noutbugy bilen tanyşdyrdy

16.01.2025 | 13:14 |
 Lenovo çekip çykarylýan ekranly ilkinji noutbugy bilen tanyşdyrdy

Halkara alyjylar elektronikasynyň her ýylky sergisinde (CES 2025) Lenovo kompaniýasy ThinkBook Plus Gen 6 täze noutbugyny görkezdi. Ol dünýäde çekip çykarylýan ekranly ilkinji enjam boldy.

Täze innowasiýa ulanyjylara ekranyň ölçegini 14 dýuýmden 16,7 dýuýme çenli ulaltmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa kontent bilen işleşmegi we köpwezipeliligiň mümkinçiliklerini ep-esli derejede gowulandyrýar. Esasy ekran OLED-tehnologiýasy binýadynda (organiki yşyk diodlaryň esasyndaky tehnologiýa) taýýarlanyp, 2000 x 1600 piksel giňeldilmeli, täzeleniş ýygylygy 120 Gs deňdir. Bu bolsa şekillendirişiň ýokary hilini we işiň akgynlylygyny üpjün edýär.

Çekip çykarylýan gural klawiaturadaky düwmä basyp ýa-da web-kameradaky el hereketi bilen işläp başlaýar. Kompaniýa 30 müň açylyp-ýapylyş hereketlerine niýetlenen guralyň ygtybarlygyny kepillendirýär.

Noutbuk Intel Core Ultra 7 Series 2 kuwwatly prosesor bilen enjamlaşdyrylan, 32 Gb operatiw ýada we möçberi 1 Tb bolan SSD-ýygnaýja eýedir.

ThinkBook Plus Gen 6 has uly iş giňişligini talap edýän işewürler we döredijilik hünärmenler üçin gyzykly çözgüt bolar. Ol 2025-nji ýylyň birinji çärýeginden satuwa çykarylar.

ORIENT news

Foto: techcult.ru

Şeýle hem okaň: