Türkmenistanda Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi
16.12.2024 | 10:45 |Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi. Çäre Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan guraldy.
Festiwal bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar babatda ýurduñ gazananlaryny açyp görkezmäge, mugallymlaryñ we hünärmenleriñ maglumat tehnologiýa we kiber howpsuzlyk ulgamynda ylmy we taslama işine gyzyklanmalaryny artdyrmaga, şeýle hem tejribe alyşmaga gönükdirildi.
Festiwalyñ çäklerinde Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Elektron okuw toplumlarynyñ bäsleşiginiñ ýeñijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şeýlelikde, Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ kliniki ordinatory Gojuk Gurbanow hem-de Daşoguzyñ Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ mugallymy Didar Muhammedow 1-nji orunlara mynasyp boldylar.
2-nji orna Türkmen döwlet energetika institutynyñ uly mugallymy Döwletgeldi Ýusubow hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyñ uly mugallymy Suraý Maşaýewa mynasyp boldylar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ mugallymy Nurýagdy Gylyjow, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyñ mugallymy Diýar Yhtyýarow hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyñ uly mugallymy Ejegül Öwezgeldiýewa 3-nji ornuñ eýeleri boldy.
Festiwalyñ çäklerinde ýurtda sanly bilimi ösdürmäge öz goşandyny goşan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniñ mugallymlary, hünärmenleri we talyplary hormat hatlary bilen sylaglandy.
Şeýle hem, Türkmenistanyñ bilim ulgamynyñ hünärmenleriniñ, mugallymlarynyñ we talyplarynyñ gatnaşmagynda "Bilim ulgamynda innowasiýalar" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
ORIENT news