Iň täze habarlar

“Senagat gurluşygynda metal we demir-beton konstruksiýalar” okuw kitaby çap edildi

14.12.2024 | 10:33 |
 “Senagat gurluşygynda metal we demir-beton konstruksiýalar” okuw kitaby çap edildi

Türkmenistanda “Senagat gurluşygynda metal we demir-beton konstruksiýalar” okuw kitaby çap edildi.

Bu okuw kitabynda senagat gurluşyk işlerinde metal we demir-beton görnüşli konstruksiýalaryň, desgalaryň gurluşygynyň hasaplama we nusgalyk taslama meseleleriniň ýerine ýetirilşiniň, şeýle-hem olary tejribe taýdan durmuşa geçirilşiniň inžener-tehnologik aýratynlyklary we prosesleriň umumylaşdyrylan häsiýetnamalary barada derwaýys maglumatlar beýan edilendir. Häzirki wagtda gurluşyk işlerinde metal we demir-beton konstruksiýalary örän giňişleýin ugurlar boýunça ulanylyp, olaryň tehniki taýdan ýokary hil häsiýetnamaly we uzak wagtly hyzmat edijilik möhletiniň gazanylmagy inženerçilik üçin örän wajypdyr.

Bu okuw kitaby esasan-hem tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna “Senagat gurluşygynda metal we demir-beton konstruksiýalar” dersini öwretmek üçin niýetlenilendir. Mundan başga-da senagat gurluşygy we geodeziýa ugry boýunça okuw-ylmy we taslama işleri alyp barýan inžener-gurluşykçylar, inžener-mehanikler, talyplar, aspirantlar we önümçilik-hünärmenler hem bu kitapdan peýdalanyp bilerler.

Senagat we raýat jaý gurluşyklary halk hojalygyny düýpli özgertmekde uly rola eýedir. Jaý gurluşygynyň dürli usullaryny öwrenmek, olary durmuşa ornaşdyrmak, has kämilgurluşyk guramalarynyň taslamasyny işläp düzmek şu maksatnamanyň esasy wezipesidir.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: