Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi

10.10.2024 | 12:45 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Paýtagtyň Halkara howa menzilinde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Uçaryň öňünde dostlukly döwletiň Baştutanyna milli lybasly çagalar duz-çörek hödür edýärler we gül desselerini gowşurdylar.

TDH agentligiň habaryna görä, howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Gazagystanyň Baştutanynyň Türkmenistana şu gezekki saparynyň netijeleriniň hem-de Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki gepleşikleriň möhüm waka boljakdygyna we uzakmöhletli geljegi nazara almak, iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Kasym-Žomart Tokaýew myhmansöýerligi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi we Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge şahsy goşandyny belläp geçdi diýip, “Akorda” habar berýär.

Gazak-Türkmen gatnaşyklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw ruhunda ösýändigi nygtaldy. Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin niýetlenendir.

ORIENT news

Foto: akorda.kz

Şeýle hem okaň: