Iň täze habarlar

Özbegistanda Respublikanyň Prezidentiniň ýanynda Howa geňeşi dörediler

08.08.2024 | 09:51 |
 Özbegistanda Respublikanyň Prezidentiniň ýanynda Howa geňeşi dörediler

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanynda Howa geňeşi döredilýär. Degişli Permana Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gol çekdi. Bu barada Respublikanyň Adalat ministrligine salgylanyp, Gazeta.uz habar berýär.

Bu howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we oňa uýgunlaşmak boýunça iň ýokary maslahat beriji döwlet edarasy bolar.

Geňeşiň wezipeleri 1992-nji ýylda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan we 2015-nji ýylda kabul edilen Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan borçnamalary Özbegistanyň ýerine ýetirişine gözegçilik etmegi öz içine alar.

Resminama laýyklykda, Ýaşyl ösüşler we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak milli merkezi Howanyň üýtgemegi boýunça milli merkez (Howa merkezi) adyna öwrüler.

Ylmy we akademiki mümkinçilikleri artdyrmak we Özbegistanda düýpli barlaglary ösdürmek maksady bilen Merkezi Aziýa daşky gurşawy we howanyň üýtgemegini öwrenmek üçin (Green University) Howa ylmy forumy dörediler.

ORIENT news

Foto: farabi.university

Şeýle hem okaň: