Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň täze bellenen ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi

01.08.2024 | 06:20 |
 Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň täze bellenen ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi

Çarşenbe güni, 31-nji iýulda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady, diýip TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda döwletara dialogyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda durnukly ösüşi üpjün etmek, howpsuzlyk, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga ýardam berýändigi tassyklanyldy.

Şunda Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyna, sebit we ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, parahatçylygyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändi nygtaldy.

Söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň orny aýratyn bellenildi. “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri amerikan kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen birlikde, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlary, Medeniýet günleriniň, dürli sergileriň, beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň dowamynda ýakynda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylandygy we bu ýerde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, şol sanda amerikan şahyry Lengston Hýuzuň hem heýkeliniň oturdylandygy bellenildi.

Elizabet Rud däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de ABŞ-nyň ilçisi türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň özara hoşmeýilli erke esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.


31-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirildi.

“Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýetine ünsi çekdiler. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, şeýle hem medeni-ynsanperwer çygyrda häzirki we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy” – diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

ORIENT news

Foto: tv.online.tm

Şeýle hem okaň: