Iň täze habarlar

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna ugradylýar

22.07.2024 | 20:05 |
 Türkmenistanyň milli ýygyndysy Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna ugradylýar

Şu gün Aşgabat Olimpiýa şäherjiginde 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysyny ugratmak dabarasy geçirildi.

Türkmen Olimpiýa wekiliýetiniň düzümine dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça dört sport görnüşinde çykyş etjek 6 türgen bilen 19 adam girýär.

Dabarada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenlerine iberen Gutlagyny okaldy. Döwlet baştutany türgenlere ýüzlenip, ýakyn wagtda geçiriljek dünýä sport baýramçylygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi.

“Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn”

Geçiriljek bu Olimpiýa oýunlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri üçin şert döretmek boýunça Türkmenistanda maksatnama düzüldi we Fransiýanyň paýtagtynda geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparymyzy taýýarlamak boýunça guramaçylyk komiteti döredildi.


Türkmenistan Garaşsyz döwlet hökmünde 1996-njy ýylda Atlantada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş etdi. Ilkinji uly üstünlik 2020-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda gazanyldy, agyr atletikaçy Polina Gurýewa 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy.

Türkmenistanyň türgenleri agyr atletika we göreş boýunça güýçli netijeleri görkezýärler we 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak milli ýygyndy toparymyza täze üstünlikleri we rekordlary wada berýär.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: