Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti täze wise-premýeri we Bilim ministrini belledi

13.07.2024 | 02:05 |
 Türkmenistanyň Prezidenti täze wise-premýeri we Bilim ministrini belledi

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasaryny belläp, Nurmuhammet Amannepesowy başga işe geçýänligi sebäpli degişli wezipeden boşadyldy (ol ýurtda gurulýan täze halkara lukmançylyk merkezleriniň gurluşygyna gözegçilik eder).

Türkmenistanyň Döwlet teleradio ýaýlymynyň habarynda berlişi ýaly, bu degişli ugurlar boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesini ozal Bilim ministri bolup işlän Baýramgul Orazdurdiýewa bellenildi.

Bilim ministri wezipesine Jumamyrat Gurbangeldiýew bellenildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine şu ýokary okuw mekdebiniň okuw işleri boýunça prorektory bolup işlän Gulşat Ýusupowa bellenildi.

Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze rektorlary bellemek hakynda degişli resminamalara gol çekildi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: