Iň täze habarlar

RYA-nyň Hytaý we häzirkizaman Aziýa instituty strategik ylmy-barlag boýunça hyzmatdaşlygy hödürledi

22.06.2024 | 01:55 |
 RYA-nyň Hytaý we häzirkizaman Aziýa instituty strategik ylmy-barlag boýunça hyzmatdaşlygy hödürledi

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Hytaý we häzirkizaman Aziýa institutynyň direktory Kirill Babaýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Kirill Babaýew RYA-nyň HHAI-niň düzüminde döredilen Merkezi Aziýa boýunça barlaglar merkeziniň maksady we wezipeleri barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň ugurdaş ylmy edaralarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň strategik barlaglar Merkezi bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi öňe sürdi.

Taraplar iki ýurduň ylmy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler diýip, Türkmenistanyň RF-däki diplomatik gullugy habar berýär.

Merkezi Aziýa boýunça barlaglar Merkezi 2023-nji ýylda döredilip, ol häzirki wagtda bu ugurda iş alyp barýan iri ylmy-barlag edarasydyr.

ORIENT news

Foto: russia.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: