Iň täze habarlar

Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň mehanizmini döretdiler

14.06.2024 | 09:02 |
 Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary adatdan daşary  ýagdaýlary dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň mehanizmini döretdiler

Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň mehanizmini döretdiler.

Bu mehanizmi döretmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Urumçi şäherinde gol çekildi diýip, Sinhua agentligi habar berýär.

Şeýle hem 6 ýurt tarapyndan adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2024-2026-njy ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasy kabul edildi we bu ugurda iş topary döredildi.

HHR-iň Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak boýunça ministrliginde bu mehanizmiň sebitiň 6 ýurdunyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze platforma boljakdygyny aýtdylar.

ORIENT news

Foto: dknews.kz

Şeýle hem okaň: