Tatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Aşgabatda geçirilen halkara ylmy maslahatda çykyş etdi
13.06.2024 | 11:54 |Şu gün, 12-nji iýunda, Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow Aşgabatda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň ylmy edaralarynyň wekilleriniň öňünde çykyş etdi.
Ol öz çykyşynda Ylymlar akademiýasynyň işiniň geljegi uly ugurlary barada durup geçdi hem-de onuň öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ösdürmekde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekdi.
ORIENT news