Iň täze habarlar

Höwesjeňler «Archie» atly ilkinji gözleg ulgamynyň işini dikeltdiler

27.05.2024 | 15:03 |
 Höwesjeňler «Archie» atly ilkinji gözleg ulgamynyň işini dikeltdiler

Höwesjeňler «Archie» atly ilkinji gözleg ulgamynyň işini dünýä derejesinde gaýtadan dikeltmegi başardylar. Oňa elýeterlilik «Serial Port» web saýtynda peýda boldy.

Bu gözleg ulgamy heniz ulgam inženeri Alan Emtaž tarapyndan internetiň döredilmeginden öň peýda bolupdy. Şol döwürde köp sanly kompýuterler eýýäm fiziki torlara birikdirilipdi. Maglumatlaryň köpüsi FTP faýl serwerleriniň üsti bilen ýaýradylýardy we «Archie» olary gözlemek üçin ilkinji programma boldy.

Döreden ulgamyny has-da ilerletmek we ygtyýarlandyrmak üçin Emtaž «Bunyip Information Systems» kompaniýasyny esaslandyrdy. Emma bu döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze gözleg ulgamlarynyň döremegine gabat geldi. Netijede, «Archie» ulgamyna isleg bildirilmedi.

Onuň iň soňky 3.5 nusgasy 1996-njy ýylda çykdy.

ORIENT news

Foto: techcult.ru

Şeýle hem okaň: