Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-nyň Baş sekretary Arkalaşygyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

22.05.2024 | 23:00 |
 Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-nyň Baş sekretary Arkalaşygyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

22-nji maýda, çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Lebedew GDA-nyň çäklerinde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berýän goldawy üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň häzirki döwrüň talaplaryny nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna işjeň, başlangyçly çemeleşýändigi nygtaldy, diýip habarda bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow mejlisi ýokary derejede guramak üçin Türkmenistan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine uly taýýarlyk işini geçirendigini aýtdy.

24-nji maýda geçiriljek duşuşygyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigine, onuň netijeleriniň bolsa köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine Türkmenistanyň Prezidenti ynam bildirdi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara alyp hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly orny eýeleýär, ykdysady, medeni-ynsanperwer maksatnamalara işjeň gatnaşýar, Türkmenistanda GDA-nyň çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamlaryndaky bar bolan mümkinçilikleriň peýdalanylmagynyň, ylym-bilim, medeniýet, sport ugurlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki işiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň taslamasyna serediler, duşuşygyň dowamynda nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda howanyň üýtgeýän şertlerinde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde, şol sanda “ýaşyl” tehnologiýalary ösdürmekde tagallalary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy aýdyldy.

ORIENT news

Foto: "Altyn asyr" teleýaýlymyndan alnan

Şeýle hem okaň: