Iň täze habarlar

Huawei kompaniýasy Merkezi Aziýada intellektual ulgamlary ösdürmegi tizleşdirýär

20.05.2024 | 10:15 |
 Huawei kompaniýasy Merkezi Aziýada intellektual ulgamlary ösdürmegi tizleşdirýär

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde “Ähli serişdeleriň kömegi bilen intellektual ulgamlaryň ösüşini çaltlandyrmak” temasy boýunça Huawei Cloud TechWave Summit 2024 sammiti geçdi. Bu barada «Kazinform» halkara habarlar agentligi habar berýär.

Çärede Huawei kompaniýasy binäçe önümleri we çözgütleri bilen tanyşdyrdy. Olaryň hatarynda Huawei-iň emeli intellektli (Cloud AI Video Service) bulut wideo funksiýalary ulgamyndaky tehniki resminamasy hem-de maglumatlaryň konwergensiýasy hem-de emeli intellekt ulgamyndaky eko ulgamlaryň birleşeginiň täze görnüşi bar. Bu birleşik Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynda hem-de senagat pudaklarynda intellektual döwrebaplaşdyrmagy tizleşdirmäge gönükdirilendir. Huawei-iň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça prezidenti kompaniýanyň bu ýörelgä ygrarlydygyny tassyklady.

Huawei Hybrid Cloud-yň wise prezidenti Hu Ýuhaý Ýakyn Gündogaryň we Merkezi Aziýanyň bazarlarynda Huawei Cloud Stack 8.3 täze hyzmatyň ýola goýulandygyny habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, Huawei Cloud Stack ygtybarly bulut infrastrukturasyny we innowasion bulut mümkinçiliklerini üpjün edip, döwlet edaralaryna hem-de kärhanalaryna intellektual tehnologiýalara geçmäge we sanly tehnologiýalary aňsat ulanmaga ýardam berýär.

Sammitde Huawei Ankabut bilen bilelikde maglumatlary işlemegiň bulut merkezi bilen tanyşdyrdylar. Bu kompaniýalar Birleşen Arap Emirliklerinde bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga ýardam bermek üçin ýokary öndürijilikli hasaplamalar torlary we maglumatlary işlemegiň bulut merkezleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýarlar.

ORIENT news

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: