Iň täze habarlar

ECOSOC-yň forumynda Türkmenistan tarapyndan gurnalan çäräniň jemleýji resminamasy BMG-nyň alty dilinde neşir edildi

15.05.2024 | 21:02 |
 ECOSOC-yň forumynda Türkmenistan tarapyndan gurnalan çäräniň jemleýji resminamasy BMG-nyň alty dilinde neşir edildi

Jemleýji resminama “Ösüş maliýeleşdirmesini güýçlendirmek üçin ulag we energiýa birikmesi boýunça ýokary derejeli diolog: BMG-nyň 2026 – 2035-nji ýyllar üçin «Durnukly ulagyň onýyllygy» - energiýa birikmesi üçin Aşgabat platformasy” ady bilen Baş Assembleýanyň 78-nji sessiýasynyň jemleýji resminamasy hökmünde kabul edilip, BMG-nyň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.

Bu çäre, 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde ECOSOC-yň ösüşi maliýeleşdirmek üçin gurnalan forumynyň çäginde geçirildi.

Bu resminama Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki sessiýasynyň gün tertibinde “Makroykdysady syýasat meseleleri”, “Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça halkara konferensiýalarynyň kararlaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek”, “Durnukly ösüş”, “Merkezi Aziýada ynam we hyzmatdaşlyk, parahatçylyk zolagy” atly bentler bilen neşir edildi.

Resminama, ulag we energiýa infrastrukturasynyň arasyndaky arabaglanyşygy ösdürmegiň, şeýle hem deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň durnukly ösüşi üçin gyzyklanmalaryna maýa goýumlary çekmegiň möhümdigini nygtaýar.

Foto: un.mission.gov.tm

Şeýle hem okaň: