Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi dermanlyk ösümligiň ulanylyş usulyny işläp taýýarlady

25.04.2024 | 11:03 |
 Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi dermanlyk ösümligiň ulanylyş usulyny işläp taýýarlady

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň derman serişdelerini bellige almak we döwlet gözegçiligi merkezi kyrkbogun ösümliginiň farmakopeýasyny bellige aldy. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň tehnologiýalar tarapyndan işlenip taýýarlanyldy diýip ORIENTE Merkezde habar berdiler. Derman serişdeleriniň önümçilik tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň we ylmy işgäri Berdi Berdiýewiň ýolbaşçylygynda alnyp barlan işler daşary ýurtlardan getirilýän derman serişdeleriň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak boýunça maksatnamanyň çäklerinde alnyp baryldy.

Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi baý çig mal gory bilen tapawutlanýar diýip Altyn Rahmanowa belleýär. Kyrkbogun we garabaş ösümlikleri özüniň uýgunlaşan çäginde giňden ýaýraýar. Olaryň düzüminde flawonoidler, antrahinonlar, eýleýji maddalar, fenolkarbon, ýag we organiki turşulyklar, efir ýagy, glýukoza, fruktoza we saharoza görnüşindäki uglewodlar, betakarotin С witamini we beýlekiler bar.

Alymyň aýtmagyna göra garabaş ösümligi gurplandyryjy häsiýete eýe bolup geçirilen dürli kesellerden soňra adam bedeniniň dikeldilmegine ýardam berýär. Halk lukmançylygynda kyrkbogun ösümligi gan basyşyny düşürmekde, gan akyşyny saklamakda we çişlere garşy ulanylýar. Geçirilen barlaglar garabaş ösümliginiň gan uýadyjy we antimikrop häsiýetleriniň bardygyny görkezdi. Şeýle hem ol wagt birliginde ýürek urgularynyň sanyny artdyrýar.

Kyrkbogun ösümligi babasil gan akmalarynda, gipertoniýada aşgazan we aşgazan-içege ýollarynyň ýaralarynda, dizenteriýada, öýken inçekeselinde we gyzzyrma keselinde ulanylýar. Şeýle hem çişleriň käbir görnüşini bejermekde, öt haltada daş dörände, ysytmada, newrosteniýada ulanylýar.

Şeýle hem bu ösümligi adaty dümewi çakyzany, dürli içgi organlarynyň kesellerini bejermekde ulanýarlar. Garabaş ösümligini gastriti aşgazan ýaralaryny, böwrek kesellerini öýkeniň patalogiýasyny, sistiti we peşew ýollarynyň beýleki ýokanç kesellerini bejermekde ulanýarlar. Kyrkbogun dürli deri kesellerinde hem ulanylýar. Adaty lukmançylykda garabaş oty umumy taplandyryjy, şeýle hem peşew çykaryjy serişde hökmünde ulanylýar.

ORIENT news

Foto: TYA-nyň Tehnologiýalar Merkezi

Şeýle hem okaň: