Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde informatika boýunça ikinji Halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy
19.04.2024 | 13:43 |Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde informatika boýunça OIOIUS-2024 ikinji Halkara olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy.
Dünýäniň 18 ýurdundan, şol sanda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Liwiýanyň, Kataryň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Gruziýanyň we Hytaýyň 52 ýokary okuw mekdebiniň 270-den gowrak talyplary informatika dersi boýunça öz bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny görkezmek üçin bu ýere ýygnandylar.
Açylyş dabarasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Baýrammyrat Atamanow çykyş edip, halkara giňişliginde ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin olimpiadanyň möhümdigini nygtady.
Olimpiada diňe bir bäsleşik bolman, eýsem, ýaş alymlar üçin bilimlerini we tejribesini paýlaşmak üçin hem mümkinçilikdir. Bu çäräniň maksadynyň iň ökde gatnaşyjylary höweslendirmek bilen bir hatarda, kämilleşmäge ymtylýan ähli talyplary goldamakdan ybaratdygyny hem bellemek gerek.
Olimpiadanyň ikinji güni kiprhowpsuzlyk meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn programma üpjünçiligini işläp taýýarlamaga bagyşlanar.
Olimpiada 19-njy aprelde ylmy-amaly maslahatyň we ýeňijileri sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi bilen tamamlanar.
ORIENT news