Iň täze habarlar

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde wagyz-nesihat maslahaty geçdi

17.04.2024 | 17:48 |
 «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde wagyz-nesihat maslahaty geçdi

17-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary bolan kümüş saçly enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle hem agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri we Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çäräniň başynda kümüş saçly eneler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurtda adam we onuň saglygy hakynda uly aladalar edilýändigi we raýatlaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek babatda möhüm işler durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Şeýle hem, Türkmenistanda giň gerim bilen geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiada ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlary mähirli gutladylar.

 

ORIENT news

Foto: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: