Iň täze habarlar

Üçünji Daşkent halkara maýa goýum forumyna ýazylyş başlady

01.03.2024 | 21:07 |
 Üçünji Daşkent halkara maýa goýum forumyna ýazylyş başlady

TIIF-2024 üçin onlaýn hasaba alyş www.iift.uz web sahypasynda elýeterlidir, ol 25-nji aprele çenli dowam eder

2-3-nji maýda Daşkentde üçünji Daşkent halkara maýa goýum forumy/TIIF-III geçiriler.

Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýum, senagat we söwda ministrliginiň berýän habaryna görä, TIIF diňe Täze Özbegistan üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin hem giň gerimli wakalardan biridir. Onuň maksatnamasy döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky umumy mejlisi, panel sessiýalary, tegelek stollary we B2B-gepleşikleri we 50-den gowrak bilermenleriň çekişme duşuşyklaryny öz içine alýar.

Foruma gatnaşyjylaryň her biri umumy gyzyklanmalary tapyp, belli bir maýa goýum ýagdaýlaryny öwrenip, dürli ugurlar boýunça soňky tendensiýalary ara alyp maslahatlaşyp we geljegi uly teklipleri kabul edip bilerler.

Forumyň aýratyn gün tertibi, dünýädäki ykdysady çökgünlik fonunda durnukly ösüşi görkezmegi dowam etdirýän we kem-kemden Merkezi Aziýanyň hakyky maýa goýum merkezine öwrülen Özbegistanyň potensialyny görkezmekdir.

Maýadarlaryň gyzyklanmasy bu ýerde alnyp barylýan özgertmeler we işewürlik üçin döredilen amatly şertler, şol sanda peýdalar we artykmaçlyklar we maýa goýujylaryň hukuklarynyň kepillendirilen goragy bilen höweslendirilýär.

Forumyň geografiýasy we gerimi ýylsaýyn ösýär:

-TIIF -2022-ä (ilkinji forum) 56 ýurtdan 2 müňden gowrak iri maýadar we ýokary derejeli myhman gatnaşdy. ABŞ-nyň 7,8 milliard dollaryna barabar ylalaşyklar we maýa goýum şertnamalary baglaşyldy.

-TIIF-2023 özüne eýýäm 70 ýurtdan 2500 gatnaşyjy ýygnady. Netijede 11 milliard dollarlyk 164 resminama gol çekildi.

2024-nji ýylda Daşkentiň has köp sanly myhmany - maýadarlary, resmi wekilleri we dünýäniň ähli yklymlaryndan analitikleri garşy almagyna garaşylýar.

Onlaýn bellige alyş www.iift.uz web sahypasynda eýýäm bardyr we 2024-nji ýylyň 25-nji apreline çenli dowam eder.

HA «Dunyo»

Foto: "Dunyo" HA

Şeýle hem okaň: