“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň wekilleri Aziýada howa gatnawlaryny ösdürmäge bagyşlanan maslahata gatnaşdylar
29.02.2024 | 18:10 |“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň wekilleri 27 – 29-njy fewralda Malaýziýanyň Langkawi adasynda geçirilen «Routes Asia 2024» maslahatyna gatnaşdylar.
Aziýada howa gatnawlaryny ösdürmäge gönükdirilen bu iri çäre awiakompaniýalar, howa menzilleri, syýahatçylyk kompaniýalary we gyzyklanýan taraplar bilen duşuşmak, öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak we uçuş torlary strategiýalaryny işläp düzmek we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde howa ulagy bazarynyň ösmegine itergi bermek üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýär.
Howa ulagy pudagynda Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen baglaşylan 50-den gowrak halkara şertnama we konwensiýa esasynda amala aşyrylýar. “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň «Routes Asia 2024» maslahatyna gatnaşmagy Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde degişli ugurda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
ORIENT news