Iň täze habarlar

Nokia kompaniýasy öýjükli aragatnaşyk diňleriniň ätiýaçlyk batareýalaryny wirtual elektrostansiýa öwürmegiň usulyny tapdy

29.02.2024 | 08:47 |
 Nokia kompaniýasy öýjükli aragatnaşyk diňleriniň ätiýaçlyk batareýalaryny wirtual elektrostansiýa öwürmegiň usulyny tapdy

Ykjam, gozgalmaýan, giň zolakly we IP ulgamlary üçin telekommunikasiýa enjamlaryny öndürýän Nokia transmilli kompaniýasy öýjükli aragatnaşyk diňleriniň ätiýaçlyk batareýalaryny wirtual elektrostansiýa öwürmegiň usulyny tapdy.

Öýjükli aragatnaşyk diňleriniň batareýalaryny ulanmaga hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanylan Virtual Power Plant (VPP) programma üpjünçiligi ýardam berer. Bu goşundy öýjükli aragatnaşyk kompaniýalary üçin goşmaça maliýe we ekologiýa artykmaçlyklarynyň çeşmesi bolup biler.

Binýatlyk stansiýalaryň ätiýaçlyk batareýalary diňe bir elektrik energiýasynyň öçürilen pursatynda däl-de, eýsem, energiýanyň iň köp sarp edilýän pursatlarynda hem ulanylýar, bu bolsa, energoulgama düşýän agramy hem-de kompaniýalar üçin energiýanyň bahasyny peselder. Täze programma üpjünçiligi enjamlary daşarky ulgamdan AKB geçirmäge ukyplydyr. Onuň ulanylmagy şeýle hem AKB-da tygşytlanan energiýany awtomatik ýagdaýda umumy ulgama sapmaga mümkinçilik berer.

Bu goşundy elektrik energiýasynyň sarp edilişi baradaky maglumatlary hem-de energiýany ulgama gaýtarmak barada çözgüt kabul etmek üçin emeli intellekt ulanýar.

Kompaniýada täze işläp taýýarlamanyň kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny peseltmäge ýardam berjekdigini aýdýarlar.

ORIENT news

Foto: techcult.ru

Şeýle hem okaň: