Varda Space kompaniýasy derman senagatynda täze gözýetimleri açdy
25.02.2024 | 15:52 |Varda Space kosmos önümçiligi kompaniýasy orbitada derman serişdelerini öndürmek üçin täze platformany döretmek boýunça meýilnamasyny üstünlikli amala aşyrdy.
Orbitada sekiz aýdan gowrak bolan Winnebago-1 kapsulasy kosmosda öndürilen derman serişdeleri bilen Ýere gaýdyp geldi. Ritonawira kristally bu kapsula ABŞ-nyň Ýuta ştatynyň çölüne gelip gondy. Bu preparat WIÇ / AIDS-iň bejergisinde peýdalanylýar.
Mikrograwitasiýa şertlerinde derman serişdelerini öndürmek boýunça ilkinji synag kosmos industriýasynyň we farmasewtikanyň taryhynda täze möhüm sahypany açdy.
Ýere gaýdyp gelen kapsula Los-Anjelesdäki Varda kärhanasyna indiki barlaglar üçin ugradylar, ritonawirli flakonlar bolsa Improved Pharma barlag kompaniýasyna ekspertleriň baha bermegi üçin ýollanylar.
Varda Space kompaniýasy 2020-nji ýylda esaslandyryldy. Bu kompaniýa kosmos şertlerinde mikrograwitasiýanyň özboluşly mümkinçiliklerini ulanmak arkaly farmasewtikadaky we ýarym geçirijileriň senagatyndaky usullary özgertmäge çalyşýar.
ORIENT news