Iň täze habarlar

Türkmenistanda jemgyýetçilik lukmançylyk işgäri diýen täze hünär girizilýär

23.02.2024 | 16:15 |
 Türkmenistanda jemgyýetçilik lukmançylyk işgäri diýen täze hünär girizilýär

23-nji fewralda ÝUNISEFIŇ-iň ýardamy bilen jemgyýetçilik-lukmançylygy ugrunda täze uçurym-hünärmenleri seçip almak üçin guralan 8 aýlyk okuw tamamlandy. Bu okuw kursy "Mümkinçiligi çäkli adamlaryň durmuş inklýuziwligini ugur edinýän jemgyýetçilik-lukmançylygynyň esaslary" diýlip atlandyryldy.

Dürli hazirki zaman hünärmen usulyýetleri baradaky nazaryýet mowzuklary we maglumatlary bilen birlikde, okuwa gatnaşyjylar çaganyň irki ösüşi we oňa ýardam etmek bilen bagly bilimleri çuň özleşdirdiler. Bu mümkinçiligi çäkli çagalary we olaryň maşgalalaryny goldamak babatda ileri tutulýan milli ugurlara hem laýyk gelýär. Okuwlar degişli ugurda hünärmenleri taýýarlamak we bilimleir kämilleşdirmek babatda giňe mümkinçilileri açdy.

2.jpg

Bu ugurdkay hünärmenler çaganyň irki ösüşinde psihologiýa saglygy, fizioterapiýa, zähmet bilen bejeriş, aragatnaşyk, sagaldyş tehnologiýalary we önümler barada bilimlere eýe boldular.

"Jemgyýetçilik-lukmançylyk işgäri hünäriniň girizilmegi mümkinçiligi çäkli çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň zerurlyklaryny ygtybarly kanagatlandyrmagy üpjün etmek ýolunda Türkmenistanyň möhüm ädimi bolup durýar. ÝUNISEF bu işe gatnaşýandygyna şatdyr hem-de lukmançylyk durmuş hyzmatlary we jemgyýetçilik inklýuziwligi ugrunda milli mümkiçilikleri pugtalandyrmakda Türkmenistanyň tagallalaryny goldamagy dowam etdirer" diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky weklihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Aleksandr Nartea aýtdy.

"Jemgyýetçilik lukmançylygy işgärlerini taýýarlamak ilkinji uçurymlaryň biri bolýandygyma begenýärin. Bu okuwlara gatnaşmak arkaly alnan bilimler çagalara we maşgalalara ýokary hilli hyzmatlary bermekde peýdasyny berer" diýip, okuwlara gatnaşan Gözel Şadurdyýewa aýtdy.

ORIENT news

Foto: ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy

Şeýle hem okaň: