"Honda" täze elektromobillerini täze harytlyk nyşany bilen müşderilere hödürlär
20.01.2024 | 11:38 |"CES 2024" atly sergide "Honda" kompaniýasy özüniň täze görnüşli elektrik awtoulaglaryny täzelenen harytlyk nyşany bilen tanyşdyrdy. Bu barada ixbt.com internet neşiri mälim edýär.
"Honda" kompaniýasy özüniň metal häsiýetli harytlyk nyşanyny has sada we tekiz görnüşe üýtgedýändigini resmi taýdan yglan etdi. Kompaniýanyň önümlerinde ýerleşdiriljek täze nyşan onuň ilkibaşdaky, ýagny 1961-nji ýylda hödürlän nyşanyna hem çalym edýär. Kompaniýa özüniň nyşanyny üýtgetmek arkay täze görnüşli elektrik ulaglaryň önümçiliginde tehnologik öňegidişligiň gazanylandygyny aňlatmak isleýär. Bu bir tarapdan, "Honda" komapniýasynyň täzeçillige ymtylýandygyny hem görkezýär.
Mälim edilişine görä, täze nyşany alamatlandyrýan "H" harpy giňden açylan iki gola meňzäp, ol kompaniýanyň elektrik ulaglary önümçiliginde müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaga, hereketlilik mümkinçiliklerini giňeltmäge ygrarlydygyny görkezýär. Täze harytlyk nyşany kompaniýanyň öndürjek täze elektrik ulaglarynda, şol sanda onuň "0" modelinde hem şöhlelendiriler.
ORIENT news