Habarlar
Makalalar
Media
Afişa
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Türkmenistanda ýod we brom we olardan taýýarlanýan önümleri öndürýän kärhanalar gurlar. Şeýle hem çig mal binýadyny döwrebaplaşdyrmak, “Balkanabat” ýod zawodynda tehniki uglerody gaýtadan işleýän öümçilik desgasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Degişli halkara bäsleşigi “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan yglan edildi. Gatnaşmak üçin zerur resminamalar, şol sanda ýazmaça arza we töleg, bildiriş resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul ediler.
Resminamalar bukjasy şu salgyda bellige alynýar: Türkmenistan, Aşgabat, Arçabil şaýoly, 132.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+99312) 39-01-62, 39-01-58.
ORIENT news
