Iň täze habarlar

Yslam ösüş banky Türkmenistanda satyn almak işini netijeli amala aşyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirdi

09.12.2023 | 04:08 |
 Yslam ösüş banky Türkmenistanda satyn almak işini netijeli amala aşyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirdi

2023-nji ýylyň 4-7-nji dekabrynda Yslam ösüş banky Aşgabatda dört günlik okuw maslahatyny geçirdi.

Çärä Ministrler Kabinetiniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, gurluşyk firmalarynyň wekilleri, maslahatçylar gatnaşdylar.

Okuw maslahaty Yslam ösüş banky tarapyndan Türkmenistanda maliýeleşdirilýän taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, maglumat we tejribe alyşmak üçin meýdança boldy.

Yslam ösüş bankynyň wekilleri taslamalary netijeli amala aşyrmak üçin toplumlaýyn barlaglary geçirmek babatda zerur gurallar barada gürrüň berdiler. Şeýle hem olar YÖB-niň satyn alyş düzümleri we olary amala aşyrmagyň mehanizmleri, işewürlik mümkinçiliklerini ýüze çykarmak boýunça esasy maglumatlar bilen tanyşdyrdylar.

Yslam ösüş banky satyn almak işini netijeli geçirmek üçin milli ulgamlary ösdürmek boýunça Türkmenistanyň tagallalaryny goldamagy dowam edýär.

ORIENT news

Foto: Redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: