Iň täze habarlar

Mähri Bäşimowa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Bişkekdäki duşuşygyna gatnaşdy

28.11.2023 | 21:13 |
 Mähri Bäşimowa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Bişkekdäki duşuşygyna gatnaşdy

Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji duşuşygy 27-28-nji noýabrda Bişkekde geçirildi. Bu çäre, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi (UNRCCA) tarapyndan gurnaldy.

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili - UNRCCA-nyň başlygy Kaha Imnadze, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili - BMG-niň Nýu ýork şäherindäki sekretariatynyň jogapkär wekilleri, Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň başlygy Roza Otunbaýewa gatnaşdy. Türkmen wekiliýetine wise-ministr Mähri Bäşimowa ýolbaşçylyk etdi.

Diplomatlar Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar, Owganystandaky ýagdaýlar we bu meseleleri çözmek üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň taraplary barada pikir alyşdylar, şeýle hem UNRCCA bilen sebitiň hökümetleriniň öňüni alyş diplomatiýasy bilen baglanyşykly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

1.jpg

Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň we UNRCCA-nyň hökümetleriniň arasynda ýyllar boýy ösen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga we ynama ýokary baha berdiler. Taraplar sebit merkeziniň ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi we suw diplomatiýasy ýaly ileri tutulýan ugurlardaky işlerine goldaw berýändiklerini mälim etdiler şeýle hem, “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” we “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ýaly global meýilnamalarynyň çäginde gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda Merkezi Aziýanyň hökümetleri bilen ýaşlarynyň arasynda Bäşinji dialog geçirildi. Sebitdäki bäş ýurduň hemmesine wekilçilik edýän Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasynyň gatnaşyjylary, sebitiň geljegi baradaky garaýyşlaryny paýlaşmak üçin daşary işler ministrleriniň orunbasarlary bilen duşuşdylar.

Saparyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekdäki ÝHHG-niň akademiýasyna baryp gördi, şol döwürde Mähri Bäşimowa gatnaşyjylary Türkmenistanda bilim we ylym, ýaşlar syýasaty babatynda alyp barýan işleri bilen jikme-jik tanyşdyrdy. Bu akademiýa bilen Türkmenistanyň ÝOM-niň biriniň arasynda özara düşünişmek Memorandumyny döretmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutuldy.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: