Iň täze habarlar

Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Aşgabatdaky çempionatyň nusgalyk derejede geçirilendigini belledi

30.11.2023 | 09:46 |
 Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Aşgabatdaky çempionatyň nusgalyk derejede geçirilendigini belledi

Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman Aşgabatda kuraş boýunça dünýä çempionatynyň nusgalyk derejede geçirilendigni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýollan hatynda belledi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

“Siziň tagallalaryňyz bilen, ýurduňyz diňe bir halkara ýaryşyň guramaçysy hökmünde däl-de, türgenleri ýokary derejede taýýarlamakda-da örän jogapkärli çemeleşendigini bütin dünýä äşgär etdi. Munuň özi kuraş sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak täze sahypadyr” diýlip hatda bellenýär.

Şeýle görnüşdäki hoşallyk haty Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem ýollandy.

“Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty örän iri sport çärelerini ýokary derejede guraýan hem-de geçirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny nobatdaky gezek has-da dabaralandyrdy” diýlip, Gurbanguly Berdimuhamedowa iberilen hatda nygtalýar.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: