Iň täze habarlar

Türkmenistan we Azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň bilelikde işlenişini ara alyp maslahatlaşdylar

29.11.2023 | 09:38 |
 Türkmenistan we Azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň bilelikde işlenişini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Minstrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we “SOCAR” kompaniýasynyň prezidenti Rawşan Najaf bilen duşuşyk geçirdi. Onda “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, “Trend” habarlar agentligi mälim edýär.

“Türkmenistana iş saparynyň çäginde “SOCAR-yň” prezidenti Rawşan Najaf we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow ikitaraplaýyn energiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, şol sanda onuň häzirki ýagdaýyny, gaz alyş-çalşygyny hem-de “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdyk” diýlip, kompaniýanyň “X” sosial ulgamyndaky hasabynda bellenýär.

Dostluk ýatagy Hazar deňziniň türkmen we azerbaýjan serhedinde ýerleşýär. Bu ýatakda bilelikde gözleg işini alyp barmak we işlemek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekildi.

Häzirki wagtda bu ýatakda gözleg işlerini alyp barmak we onuň gorlaryny häzirki zaman seýsmiki gözleg usullary bilen hasaplamak meýilleşdirilýär. Munuň üçin birnäçe tehniki we maliýe meselelerini kesgitlemek zerurdyr.

ORIENT news

Foto: trend.az

Şeýle hem okaň: