“OpenAI” kompaniýasynyň ozalky baş direktory indi “Microsoft-yň” ylmy-barlaglar bölümine başlyklyk eder
21.11.2023 | 16:29 |“OpenAI” amerikan kompaniýasynyň ozalky baş direktory Sem Altman ýaňy-ýakynda wezipesinden boşadyldy we “Microsoft” korporasiýasyna geçdi.
“Microsoft” toparyna, şeýle hem “OpenAI-iň” Direktorlar geňeşiniň ozalky başlygy Greg Brokman we başga-da birnäçe esasy işgärler goşular. Olar “Microsoft-yň” täze ösen emeli intellektual ylmy-barlag toparynyň bir bölegi bolar. Bu topara bolsa, Sem Altman başlyklyk eder.
“Microsoft” kompaniýasynyň baş direktory Satýa Nadella täze döredilen toparyň işlerinde üstünlik gazanmaklary üçin ähli zerur şertleriň dörediljekdigini, şol bir wagtyň özünde, “Microsoft-yň” “OpenAI” bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändigini mälim etdi.
Satýa Nadella Emmet Şear we “OpenAI-iň” täze ýolbaşçy düzümi bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bellenişine görä, bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk doly kuwwatlyklarda dowam etdiriler.
Mundan ozal, “Microsoft” başlangyç tapgyrda “OpenAI-e” emeli intellekt ulgamlaryny işe girizmegine ýardam edipdi.
ORIENT news