e.gov.tm portalynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary barada maglumat elýeterlidir
11.06.2025 | 18:30 |Türkmenistanyň döwlet hyzmatlary portaly bolan e.gov.tm sahypasynda ýurdumyzyň çäklerinde hereket edýän saglygy goraýyş edaralary barada degişli maglumatlar ýerleşdirilendir.
Ulanyjylar şäherler we welaýatlar boýunça ähli hassahanalaryň, saglyk öýleriniñ, şypahanalaryň we beýleki saglyk edaralarynyň doly sanawy bilen tanyşyp bilerler. Her bir edaranyň salgysy, aragatnaşyk telefonlary hem-de hödürleýän lukmançylyk hyzmatlarynyň sanawy görkezilendir.
Mundan başga-da, portalda edara baradaky beýany hem-de köpçülikleýin ulaglary bilen baryp boljak ýol görkezmeleri ýaly goşmaça maglumatlar hem berilýär. Bu bolsa, ilatyň zerur saglyk edarasyny tapmagyny amatly we maglumatly edýär.
e.gov.tm portaly raýatlara internet birikmesi bolan islendik enjam arkaly islendik wagtda maglumat almaga mümkinçilik berýär. Saglygy goraýyş edaralary barada giňişleýin maglumat bilen şu salgydan tanyşyp bilersiňiz: https://e.gov.tm/services/onlayn-hyzmatlar/saglyk/saglyk-edaralarynyn-sanawy