Aşgabatda geçiriljek Dünýä Kuraş çempionaty üçin petekleriň satuwy başlandy
21.11.2023 | 11:45 |Uly göwrümli sport çäresi, 14-nji Dünýä Kuraş çempionaty şu ýylyň 23-nji noýabryndan 28-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda Olimpiýa şäherçesiniň söweş sungat toplumynda geçiriler. Bu uly çäräniň petekleri eýýäm satuwa çykaryldy. Bu barada THP habar berýär.
Bu Dünýä çempionaty Aşgabatda ýer ýüzündäki iň güýçli pälwanlary birleşdirer. Türkmenistanyň ýaşaýjylary we daşary ýurtly myhmanlar indi Olimpiýa şäherçesiniň kassasynda (Biznes merkeziniň golaýynda), Berkarar söwda merkezinde (1-nji gatda), Aşgabat söwda merkezinde (2-nji gatda) petek satyn alyp bilerler. Petegiň bahasy 25 manat.
Dünýä çempionatynyň maksatnamasynyň 25-nji noýabrda geçiriljek dabara bilen açyljakdygyny bellemelidiris. Sportçylaryň arasyndaky ýaryş 27-nji we 28-nji noýabrda geçiriler.
ORIENT news