Iň täze habarlar

Türkmenistan we Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýärler

17.11.2023 | 18:55 |
 Türkmenistan we Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýärler

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon assosiasiýasynyň başlygy, Tokionyň tehnologiýalar institutynyň hormatly professory H.Koinomanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda ylym, bilim we tehnologiýa ugurlarynda türkmen-ýapon özara hereketleriniň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi. Taraplar ylym-bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Ýokary okuw mekdepleriň ugry boýunça gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn pugtalandyrylmagy maksady bilen taraplar hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça pikir alyşdylar.

ORIENT news

Foto: japan.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: