Iň täze habarlar

Aktau şäherine Türkmenistanyň täze konsuly bellendi

26.09.2023 | 10:56 |
 Aktau şäherine Türkmenistanyň täze konsuly bellendi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen Meretdurdy Abdullaýew Gazagystanyň Aktau şäherindäki Türkmenistanyň konsuly wezipesine bellendi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Aktau şäheri Gazagystanyň iri port şäheri bolup, ol Türkmenistandan känbir uzak bolmadyk çäkde ýerleşýär. Ýurduň ulag-logistika düzüminiň möhüm ähmiýetli bölegi hökmünde şäher halkara ulag geçelgeleriniň merkezinde ýük dolanyşyk işini amala aşyrýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen bir hatarda sebitiň iň iri döwleti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär.

ORIENT news

Foto: atorus.ru

Şeýle hem okaň: