Iň täze habarlar

Türkmenistanyň basketbol topary Maldiw adalarynyň ýygyndysyny utdy

25.09.2023 | 20:42 |
 Türkmenistanyň basketbol topary Maldiw adalarynyň ýygyndysyny utdy

Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň topary 3х3 basketbol görnüşi boýunça Maldiw adalarynyň ýygyndysyny uly hasap bilen, ýagny, 22:2 hasabynda utdy.

Türkmen ýyyndysynyň düzüminde Ýewgeniý Nazipow, Döwlet Narmyradow, Maksat Hojaberdiýew we Kirill Beş çykyş edýärler. Olara Toýly Baýryýew tälimçilik edýär.

Türkmen basketbol ýygyndysy şu gün – 26-njy sentýabrda ýaponiýaly garşydaşlary bilen duşuşarlar. Ýaponiýaly basketbolçylar hem Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçiren ilkinji duşuşygyny üstünlikli başladylar.

13-nji sentýabr – 8-nji oktýabr aralygynda geçirilýän Aziýa oýunlaryna Aziýa yklymynyň 45 döwletinden 15 müň türgen gatnaşýar. Sportuň 40 görnüşi boýunça geçirilýän ýaryşlarda medallaryň 481 toplumy gowşurylar.

Türkmen türgenleri 3х3 görnüşli basketbol, boks, söweş we grek-rim göreşi, jiu-jitsu, dzýudo, kuraş, karate, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika we uşu sportlary boýunça ýaryşlara gatnaşýarlar.

ORIENT news

Foto: Redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: