Türkiýedäki Gordion gadymy şäheri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
25.09.2023 | 09:02 |Türkiýäniň çäginde ýerleşýän gadymy Gordion şäheri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýektleriniň sanawyna girizildi.
Biz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda 20 obýekti bellige aldyrdyk. Ankaranyň deňsiz-taýsyz medeni mirasynyň biri bolan gadymy Gordion şäheri indi Bütindünýä mirasy boldy diýip, Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý öz internet sahypasynda ýazýar.
Gordion Hett imperiýasy dargandan soňra, biziň eýamymyzdan öňki 12-nji asyrda dörän fridiýa şalygynyň syýasy we medeni merkezi bolupdur.
Bu gadymy şäher Ankaranyň Polatly etrabynda ýerleşýär we biziň eýýamymyzdan 2500-nji ýyllara degişlidir (irki bürünç asyr).
Şäheriň ýakynynda b.e. öňki dokuzynjy asyrynda b.e. öňki üçünji asyra çenli döwre degişli bolan köpsanly depelere duş gelmek bolýar. Meselem, Sitadel depesi Gordionyň arheologik zolagyny emele getirýär.
Türkiýäniň çäginde ýerleşýän hem-de ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen öbýektleriň hatarynda Stambulyň taryhy raýonlary, Göreme milli seýilgäh hem-de Kappadokiýanyň gowak gurluşlary Hett paýtagty Hattusas, gadymy Iýeropolis şäheri hem-de Pamukkale çeşmeleri, gadymy Ksanf şäheri hem-de Letoon ybadathanasy, Safranbolu şäheri we beýlekiler bar.
ORIENT news