Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty Nýu- Ýorka çagyrmak teklip edildi
20.09.2023 | 00:51 |Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz, Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, diňe soňky ýyllarda ulag babatda öňe süren başlangyçlarymyz boýunça Baş Assambleýanyň alty kararnamany kabul edendiginш belledi.
«Şunuň bilen baglylykda, şol kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, Türkmenistan bu sessiýanyň çäklerinde Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip edýär. BMG-niň degişli düzümleriniň bu çäräni Nýu-Ýorkda guramakda ýardam berjekdigine umyt edýäris» – diýip, hormatly Prezidentimiziň aýdanyny TDH habar berýär.
Bütindünýä durnukly ulag gününi yglan etmek baradaky kararnama BMG- nyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edildi. Bu günüň senesi 26-njy noýabrda tassyklandy we hut şol gün 2016-njy ýylda Aşgabatda Durnukly ulag boýunça ilkinji Ählumumy maslahat geçirildi.
ORIENT news