Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçiriljek syýahatçylyk sergisine gatnaşar

20.09.2023 | 21:36 |
 Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçiriljek syýahatçylyk sergisine gatnaşar

26 – 29-njy oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “Tourism Expo Japan 2023” halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler. Onda Merkezi Aziýa döwletleriniň sergi bölüminde Türkmenistanyň pawilýony hem görkeziler. Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň sebit ýolbaşçysy Okuda Hisakasu Türkmenistanyň sergide görkeziljek diwarlygynyň nusgasyny görkezdi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we birnäçe syýahatçylyk kompaniýalary bilen geçirilen duşuşykda halkara serginiň çäklerinde guraljak tanyşdyryş çäreleri maslahatlaşyldy. Onda gatnaşyjy ýurtlaryň milli medeni mirasy görkeziler. Serginiň çäklerinde türkmen lybaslarynyň we bezeg şaý-sepleriniň görkezilişini guramak hem meýilleşdirilýär.

“Tourism Expo Japan 2023” halkara syýahatçylyk sergisi degişli pudakda iň iri forumlaryň biridir. Ol her ýylda Ýaponiýanyň Syýahatçylyk assosiasiýasy, Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasy we Ýaponiýanyň Milli syýahatçylyk guramasy tarapyndan guralýar.

ORIENT news

Foto: traveltimes.ru

Şeýle hem okaň: