Putin Soçidäki duşuşykda SSSR-e gaýdyp barmazdan GDA we EAEU-da bilimiň bitewi standartlaryny girizmegi teklip etdi
09.06.2023 | 22:17 |Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin anna güni Soçide Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň premýer-ministrleri bilen duşuşygynda, Sowet ulgamyna doly dolanmazdan GDA we EAEU ýurtlarynda umumy ýörelgeleri we bilim standartlaryny girizmek barada pikirlenmegi teklip etdi. Bu barada TASS agentligi habar berýär.
Öňdebaryjy dünýä tejribesiniň esasynda öňe gitmek bilen bir hatarda SSSR-däki bilimiň esaslaryna salgylanmaly diýip, Russiýanyň lideri belledi.
Şeýle hem Putin, EAEU we Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekillerine ylmy maksatnamalaryň umumy utgaşdyrylmagyny, hünärlere bolan talaplary birleşdirmegi we tehniki hem-de beýleki dersler boýunça bitewi okuw kitaplaryny döretmegi teklip etdi.
ORIENT news