Türkmenistanda halkara bilermenleriň gatnaşmagynda maşgala maslahat beriş taslamasy tamamlandy
07.06.2023 | 21:42 |USAID-iň bilermenleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde alty aýlyk maşgala maslahat beriş synag meýilnamasyny tamamladylar.
Aşgabat, Mary we Türkmenabat şäherlerinden 200-den gowrak ýaş jübüt taslama boýunça guralan okuwlarda tälim aldy. USAID we UNFPA-nyň hünärmenleri gatnaşyjylara oňyn gender kadalary, reproduktiw hukuklar we dawalary konstruktiw çözmek barada maglumat berdiler. Tälimçiler we kursa gatnaşyjylar gender zorlugyň öňüni almagyň we maşgalanyň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
«USAID-iň gender zorlugyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, gender deňligi we aýallaryň ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda baý tejribesi bar», - diýip USAID-iň Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze synag taslamasynyň üstünliklerine esaslanyp, UNFPA maşgala maslahaty boýunça okuw sapaklaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.
ORIENT news