Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti türk işewürleri bilen duşuşdy

05.06.2023 | 12:38 |
 Türkmenistanyň Prezidenti türk işewürleri bilen duşuşdy

Türkiýäniň gaýtadan saýlanylan baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyndan we Çankaýa köşgündäki resmi agşamlyk naharyndan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Esenboga Halkara howa menzilinde türk işewürleri bilen söhbetdeş boldy – diýip, TDH habar berýär.

Döwlet baştutany Türkmenistanyň türk hususy düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýandygyny belledi we dostlukly Türkiýäniň kompaniýalarynyň gatnaşmagyndaky ýurtda amala aşyrylýan taslamalaryň möhüm ornunyň bardygyny nygtady.

Bellenip geçilişi ýaly, bu kompaniýalaryň Türkmenistanyň çäginde alyp barýan üstünlikli işleri daşary ýurtly işewürler üçin amatly maýa goýum şertleriniň döredilýändigini görkezýär.

Döwlet baştutany Aşgabada gelenden soň Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Serdar Berdimuhamedowyň türk lideriniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmagynyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň möhüm subutnamasydygyny belledi.

ORIENT habarlar

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: