«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp maslahat geçirildi
03.06.2023 | 11:01 |Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Altyn Asyr» ÝGPJ, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we ýurduň Kärdeşler arkalaşygynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde maslahat gurady.
Çärä saglygy goraýyş, ulag we kommunikasiýa pudaklarynyň wekilleri, ýurduň orta mekdepleriniň mugallymlary we giň jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.
Çärede edilen çykyşlarda döwletiň ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladasy nygtaldy, ýaşlaryň saglygyny pugtalandyrmak üçin ýurtda döredilýän şertler barada, olaryň mynasyp bilim almaklary üçin edilýän asylly işler barada gürrüň berildi.
ORIENT habarlar