Iň täze habarlar

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda toplumlaýyn ulag resminamasy taýýarlanýar

30.05.2023 | 23:15 |
 Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda toplumlaýyn ulag resminamasy taýýarlanýar

Ulag gatnaşyklary meselesinde Türkmenistan bilen Eýranyň umumy gyzyklanmalary bar we her gije-gündizde 600 wagonyň Sarahs we Inçeburun serhet geçelgelerinden geçýändigini nazara almak bilen, ulaglaryň köpelmegine garaşylýar. Bu meseleler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdad Bazrpaş bilen geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk 30-njy maýda, sişenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tährana amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

Eýran ministri Aşgabat şertnamasy boýunça işleriň güýçlendirilýändigini belläp, ýakyn wagtda Türkmenistanda geçiriljek bilelikdäki ykdysady toparyň mejlisinde amaly iş tapgyryna garamagy, şeýle hem agza ýurtlardan delegatlary ara alyp maslahatlaşmaga çagyrmagy teklip etdi – diýip, eýran metbugaty ýazýar.

Bazrpaş duşuşykdan soň doly işlenip taýýarlanan iki ýurduň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlyk we ýük daşamalary baradaky resminamanyň bilelikdäki ykdysady toparyň mejlisinde ylalaşylmagy üçin ýakyn iki hepdäniň içinde teswirleri we teklipleri almak üçin Türkmenistana iberiljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Bazrpaş EYR-nyň Eýranyň demirgazygyndaky we günortasyndaky portlarda türkmen maýadarlaryny garşy almaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda awiasiýa hyzmatdaşlygyny berkitmegiň zerurlygy nygtaldy. Serhetýaka bazarlaryny açmaga gyzyklanma bellendi.

Şeýle hem Çakyýew iki ýurduň türkmen-eýran ykdysady toparynyň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisinde demir ýollaryň kuwwatyny ýokarlandyrmak, uçarlar, portlar we awtoulaglar arkaly üstaşyr gatnawy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

ORIENT news

Foto: isna.ir

Şeýle hem okaň: