Iň täze habarlar

Tbilisi şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş geçirildi

02.06.2023 | 12:32 |
 Tbilisi şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş geçirildi

3-nji iýunda bellenip geçilýän welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy welosiped ýörişini geçirdi. Çärä Gruziýanyň Milli welosport federasiýasy bilen birlikde ýurduň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri hem gatnaşdylar.

Oňa gatnaşyjylar Bütindünýä welosiped güni – bu ýurtlary we halklary birleşdirýän baýram diýip bellediler. Ol parahatçylygyň ilçisi hökmünde bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýene-de bir gezek sportuň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar.

Bütindünýä welosiped güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça welosipedi ýönekeý, elýeterli, arassa we ekologiki taýdan howpsuz ulag serişdesi hökmünde ulanmagyň artykmaçlyklaryna ünsi çekmek maksady bilen yglan edildi.

Welosiped howanyň arassalanmagyna we ýollarda dykynlaryň azalmagyna ýardam edýär, welosiped sporty bolsa – ýürek-damar we dem alyş ulgamynyň işleýişini gowulandyryp, çydamlylygy artdyryp we köp keselleriň ösmeginiň töwekgelçiligini azaltmak bilen, saglygyňy berkitmäge ýardam edýär.

ORIENT habarlar

Foto: Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: