Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň ikinji maslahaty 3-nji iýunda geçiriler

01.06.2023 | 16:56 |
 Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň ikinji maslahaty 3-nji iýunda geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň ikinji maslahaty 3-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda sagat 11:00-da geçiriler – diýip, ýurduň resmi metbugaty habar berýär.

Bu Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň täze düzüminiň baştutany Dünýägözel Gulmanowanyň başlyklyk etmegindäki ikinji maslahaty bolar. Birinji maslahat şu ýylyň 6-njy aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bolupdy.

Şonda döwlet baştutany parlamentariýleriň ünsüni «Harby gullukçylaryň ýagdaýy hakynda», «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» kanunlara gaýtadan garamaga, şeýle hem «Türkmenistanyň zähmet kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» kanunlary we beýleki kanunçylyk namalaryny işläp düzmeklige gönükdiripdi.

ORIENT habarlar

Foto: redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: