Iň täze habarlar

Özbegistanda «Beýik ýüpek ýoly» atly halkara folklor festiwaly başlandy

30.05.2023 | 10:04 |
 Özbegistanda «Beýik ýüpek ýoly» atly halkara folklor festiwaly başlandy
 Özbegistanda «Beýik ýüpek ýoly» atly halkara folklor festiwaly başlandy

Özbegistanyň Fergana welaýatynyň Margilan şäherinde «Beýik Ýüpek ýoly» atly halkara saz festiwaly başlandy – diýip, Özbegistanyň Milli maglumatlar agentligi habar berýär.

Festiwala Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan folklor kollektiwleri, ýerine ýetirijiler we pudagyň hünärmenleri gatnaşýarlar.

Festiwalyň baý maksatnamasy ylmy-döredijilik maslahatyny, seminarlary, tegelek stollary, konsertleri, sergileri öz içine alýar. Myhmanlara şeýle hem folklor toparlarynyň we ýekelikde ýerine ýetirijileriň çykyşlary garaşýar.

«Beýik ýüpek ýoly» atly halkara folklor saz festiwaly medeniýetara we milletara hyzmatdaşlygyna ýardam etmek üçin geçirilýär. Iň gowy aýdym-saz toparlary we ýerine ýetirijiler pul baýraklary bilen sylaglanylar.

ORIENT habarlar

Foto: uza.uz

Şeýle hem okaň: