Iň täze habarlar

BSGG we Koreýa biotehnologiki önümçilik babatynda hyzmatdaşlyk ederler

30.05.2023 | 17:28 |
 BSGG we Koreýa biotehnologiki önümçilik babatynda hyzmatdaşlyk ederler

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Koreýa Respublikasy biotehnologiki önümçilik babatynda hünärmenleri taýýarlamagyň bütindünýä merkezini döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada BSGG-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hünärmenleri taýýarlamagyň bu merkezi biologiki serişdeleri, sanjymlary we insulini öndürmek we işläp düzmek meselelerinde dünýäniň ýurtlaryna hyzmat ederler.

«Hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä derejesindäki bu merkeziň ýokary hünärli işgärleri emele getirmäge we bütin dünýäde ýokary hilli lukmançylyk önümleriniň önümçiligini üpjün etmäge kömek eder diýip, biz umyt edýäris» - diýip, BSGG-nyň Baş direktorynyň derman serişdelerine we lukmançylyk önümlerine elýeterlilik meseleleri boýunça kömekçisi doktor Ýukiko Nakatani beýan etdi.

Merkezi döretmegiň möhümligi COVID-19 pandemiýasy döwründe has hem aýdyň boldy, ol sanjymlaryň we lukmançylyk önümleriniň beýleki esasy görnüşleriniň olara bolan adalatly elýeterliligini üpjün etmek üçin ýerli we sebit derejesinde öndürilmeginiň zerurdygyny ýüze çykardy.

ORIENT habarlar

Foto: who.int

Şeýle hem okaň: