ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri Aşgabat duşuşygyndan soň beýanat kabul etdiler
26.05.2023 | 22:27 |Aşgabatda ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala bilen dördünji duşuşygy geçirildi.
Owganystandaky wakalar we ykdysady ýagdaý barada maglumat alyş-çalşygy şeýle köptaraplaýyn formatda geçirildi we owgan halkyna kömek bermekde mundan beýläkki özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşige Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana kömek boýunýa missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa gatnaşdy. Wideo aragatnaşyk arkaly maslahata Bütindünýä bankynyň Owganystandaky hemişelik müdiri Melinda Gud we Bütindünýä bankynyň Gazagystandaky hemişelik müdiri Andreý Mihnew goşuldy.
Duşuşygyň netijesinde ÝB-niň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň bilelikdäki beýannamasy kabul edildi, olar Owganystany pugta parahatçylygyň uzakmöhletli geljegi bolan durnukly, asuda we gülläp ösýän ýurda öwürmek baradaky tagallalara berk ygrarlydygyny tassykladylar.
Resminamada Daşkentde, Almatyda we Brýusselde geçirilen şu formatdaky duşuşyklardan soň kabul edilen beýannamalarda görkezilen ýörelgeler we garaşmalar, şol sanda adam hukuklary we howpsuzlyk ýagdaýy bilen bagly meseleler bellenilýär.
Inklýuziw we wekilçilikli hökümeti döretmegiň we ähli owganlaryň raýat, syýasy, durmuş-ykdysady we medeni hukuklaryny goramagyň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem beýannamada Talybanlar owgan gelin-gyzlarynyň bilim almak, işlemek we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmak hukuklaryny çäklendirýän gadaganlyklary ýatyrmaga çagyrylýar.
Duşuşykda ykdysady işjeňlik, maliýe we bank pudagy, Owganystandaky durmuş-ykdysady infrastrukturany dikeltmek üçin amatly şertleri döretmegiň ähmiýeti bellendi.
Oňa gatnaşanlar Talybanlary Owganystanyň çägini terrorçylygyň we zorlukly ekstremizmiň kabul edilýän, meýilleşdirilýän, tälim berilýän, maliýeleşdirilýän ýa-da beýleki ýurtlara “eksport” edýän ygtybarly ýer hökmünde ulanmazlyga çagyrdylar.
Mundan başga-da, beýanatda umumy tebigy baýlyklardan peýdalanmagyň ähli goňşularyň zerurlyklaryny göz öňünde tutmalydygy bellenilýär. Duşuşyga gatnaşanlar sebitdäki ýurtlaryň we guramalaryň, şeýle hem halkara hyzmatdaşlaryň şeýle hadysalaryň öňüni almak we ýok etmek ugrundaky tagallalaryny goldadylar.
Umumy maksady - Owganystanda we sebitde parahatçylygy we durnuklylygy gazanmagy göz öňünde tutmak bilen, taraplar şu formatda we has giň halkara jemgyýetçiligi bilen gepleşikleri we hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtap geçdiler. Indiki duşuşyk güýzde meýilleşdirilýär.
ORIENT news