Dünýäniň iki gezek çempiony Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndysyna baştutanlyk eder
13.05.2023 | 11:02 |Eýran hünärmeni Reza Ýazdani Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi edilip bellenildi.
ORIENT-iň habarçysyna Türkmenistanyň Sport göreşleri federasiýasynda habar bermeklerine görä, dünýäniň iki gezek çempiony Reza Ýazdani öz kömekçileri bilen türkmen göreşçilerini öňde duran halkara ýaryşlaryna taýýarlamaga gatnaşar, olaryň arasynda Hytaýda geçiriljek tomusky Aziýa oýunlary-2023, şeýle hem 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşlar bar.
Ýazdaniden başga wekiliýetiň düzümine Asgar Bazeri we Mansur Ispailpur girdiler.
38 ýaşly Reza Ýazdani — dünýäniň iki gezek çempiony (2011 we 2013), Aziýa oýunlarynyň üç gezek çempiony (2006, 2010, 2014) we Aziýanyň hem üç gezek çempiony (2010, 2016, 2019). Ol ýaryşlara 84 kg agram derejesinde başlapdy, soňra has agyr agram derejelerine geçipdi.
ORIENT habarlar